Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: aktiwistiň garyndaşy tutuldy


Daşary ýurtda ýaşaýan azeri aktiwistiniň garyndaşy neşe söwdasy bilen baglylykda tussag edildi.

Emin Milliniň garyndaşy Nazim Agabeýew 27-nji iýulda, Bakuwda tussag edildi.

Milli oňa bildirilýän günäniň «galpdygyny we düýpden heňe gelmeýändigini» aýdýar.

«Meýdan TW» internet telewideniýesi proektiniň direktory bolan Milli «garyndaşlary, maşgala agzalaryny jezalandyrmagyň», olary zamun almagyň Azerbaýjanyň hökümetiniň giň ýaýran «iş usulydygyny» aýdýar.

Milli birnäçe hepde ozal özüne haýbat atylandygyny, hökümetiň öz «Meýdan TW-sini» ýapdyrjak bolýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG