Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meni bosgunlukda saklaýan sebäpler


Zähmet migranty
Zähmet migranty

Türkiýe we dünýäde müňlerçe türkmenistanly migrant bar. Türkiýedäki türkmenistanly migrantlary göz öüne alyp aýdanymyzda, olaryň aglabasynyň kanuny statusy ýok, şunlukda olar dürli kynçylyklary başdan geçirýärler.

Kanuny statuslary bolmadyklar aňsatlyk bilen iş tapyp bilmeýärler, her ädiminde deport edilmek howpy bilen ýaşaýarlar. Olaryň Türkmenistana baryp gelmek mümkinçilikleri hem ýok, olar dogan garyndaşlaryndan, çagalaryndan uzakda ýaşaýarlar.

Emma muňa garamazdan olaryň aglabasy Türkmenistana dolanmagyň tarapdary däl, munuň hem dürli-dürli sebäpleri bar. Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşigi nobatdaky tapgyryny migrantlary bosgunlukda saklaýan sebäplere bagyşlap taýýarlaýar.

Bu temadan sizi hem öz pikirdir garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Teswirleriňizi aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz, eger programma gatnaşmak isleseňiz bize hat ýazyň, siz bilen özümiz habarlaşarys. Adresimiz hat@azatradio.org

XS
SM
MD
LG