Sepleriň elýeterliligi

Türkmen resmileri saýlawa taýýarlanýar


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 16-njy awgustda Geňeşliklere we Aşgabat şäheriniň iki saýlaw okrugy boýunça Milli Mejlise geçiriljek saýlawlara bagyşlap maslahat geçirdi.

Resmi maglumatlara görä, şu günki gün Geňeşliklere saýlanjak 6041 orna dalaş etmek üçin tutuş ýurt boýunça 13528 dalaşgär hasaba alnypdyr.

Olaryň arasynda oba zähmetkeşleriniň, bilim, ylym we medeniýet wekilleriniň, maliýe-ykdysady pudagynyň we halk hojalygynyň dürli ugurlarynyň wekilleriniň girýändigi, olaryň ençemesiniň syýasy partiýalaryň agzalarydygy aýdylýar.

Hususan-da, 2939 adamyň Demokratik partiýasyna, 525 adamyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna we 1248 adamyň Agrar partiýasyna wekilçilik edýändigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG