Sepleriň elýeterliligi

Asyryň ahyrynda dünýäniň ilaty 12 milliarda ýeter


Asyryň ahyrynda dünýäniň ilaty 12 milliarda ýeter.

Asyryň ahyrynda dünýäniň ilaty 12 milliarda ýeter.

BMG-niň golaýdaky hasabatyndan çen tutup aýdylanda, dünýäde ilatyň köpelişiniň barha azalýandygyna garamazdan, häzirki wagtda 7,3 milliard bolanlygyndan 2050-nji ýyla çenli dünýäniň ilatynyň sany 9,7 milliard adama baryp ýeter.

"The Guardian" gazetiniň ýazmagyna görä, on ýyl mundan owal dünýäniň ilaty ýylda 1,24% köpelýärdi. Häzirki döwürde bu görkeziji 1,8%-e çenli aşak düşüpdir. Başgaça aýdylanda, her ýyl 83 million adam dünýä inýär. 1960-njy ýyllaryň ahyrynda ilatyň öz iň ýokary derejesine baryp ýeten köpelişi 1970-nji ýyllardan bäri yzygiderli azalyp başlapdyr. BMG-niň hasabatynda bu dünýä möçberinde dogulýan çagalaryň azalýandygy bilen düşündirilýär. Bu görkeziji bir aýalyň dogurýan çagalarynyň ortaça sanyna görä hasaplanýar. Hatda bu görkezijiniň iň ýokary ýeri bolan Afrika kontinentinde hem dogluşyň pese gaçandygy bellenýär.

2050-nji ýyla çenli bolan döwürde dünýäde ilat sanynyň köpelişiniň ýarpysyndan agdyk bölegini Hindistan, Nigeriýa, Pakistan, Konga demokratik respublikasy, Efiýopiýa, Tanzaniýa, ABŞ, Indoneziýa we Uganda ýaly ýurtlar emele getirer.

Çaklamalaryň 80%-ne görä, 2030-njy ýylda dünýäniň ilat sany 8,5-8,6 milliard, 2015-nji ýylda 9,4-10 milliard, 2100-nji ýylda hem 10-12,5 milliard bolar.

Geljek ýedi ýylyň dowamynda ilat sany 1,3 milliard bolan Hindistan 1,4 milliard ilat sany bilen häzirki wagtda dünýäde birinji orunda durýan Hytaýdan öňe geçer.. 2030-njy ýyldan soň Hindistanyň ilat sanynyň köpelişi ýokarlanar, Hytaýyňky bolsa pese gaçar.

Russiýa Ukrainany şeýle bulaşdyrýar

"Newsweek" gazetiniň ýazmagyna görä, 17-nji iýulda Lwow şäherinde ýigrimi sany adam protest geçirip, günbatar Ukrainadaky Koalitsiýa etrabyna has giň özygtyýarlyklaryň berilmegini talap etdiler. Bu protest bäş minutdan uzaga çekmedigem bolsa, Orsýetiň kremlçi telekanallary ony hamana üç ýüz adamlyk protest ýaly edip görkezdiler we ýurduň merkezi köçeleriniň birinde hatda gatnawyň ýapylandygyny habar berdiler.

"Rossiýa 24" telekanaly bu babatda "Kiýewiň täze problemasy" atly interwýu goýberdi.

"Bu hadysa 19-njy martda Odessada geçirilen proteste meňzeýär. Esasy gynandyrýan ýagdaý bolsa şundan ybarat, ýagny toslama protestler Ukrainada, hamana separatistik garaýyşlaryň köpelendigini görkezýär we olaryň öň ýanyndan bombalar partladylýar. Odessada geçen ýylyň aprelinde ilkinji terrorçylyk hadysalary gurnaldy. Lwowda bolsa geçen üç hepdäniň dowamynda üç gezek dürli hüjümler gurnaldy".

"Hatda günbatar Ukrainada özygtyýarlyk talaby bilen üç ýüz adamlyk protest bolaýanda-da, bu ullakan problema däl. Ýöne bomba partladylandan soň ýene-de ýasama protest çykyşlaryň gurnalmagy has beter ynjalyksyzlyk döredýär. Russiýanyň Lwowdan soň Odessa bilen Zakarpatiýada hem separatistik hereketleri höweslendirýändigi we, belki-de şeýle ýagdaý döretmek isleýändigini subut edýän deliller bar. Şol sebäpden Ukrainan Donbasa has giň gerimli özygtyýarlylyk beräýende-de, Günbataryň Moskwanyň öz talaplaryndan el çekjekdigi baradaky illýuziýasy diýseň howply ýalňyşlyk bolup biler".

"Obama Eýran ylalaşygy bilen ýaramaz taryh döredýär"

George F. Will "The Washington Post" gazetinde ýazan makalasynda şeýle diýýär: has aýgytly we täsirli sanksiýalaryň bardygyny hem-de olaryň Eýranyň ýadro ýaragyny döretmeginiň öňüni alyp biljekdigine ynanýanlar bir sowala jogap bermelidirler: sanksiýalar haýsy uly döwleti milli howpsuzlyk bähbitlerini pida etmäge mejbur edip biler?

Awtoryň öňe sürýän pikrine görä, bu ylalaşyk, birinjiden, Obamanyň - Eýranyň ýadro programmasynyň esaslaryny dargatmak maksadynyň bardygyny görkezmeýär. Ikinjiden bolsa, administrasiýa Eýran bilen ysnyşýarka, öz raýatlaryna ýürekden çemeleşmeýär. Meselem, John Kerry "Biz hiç wagt "islenilen ýerde, islendik wagt" barlag geçirilmegini talap etmändik" diýýär. Ýöne Obamanyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisiniň orunbasary Ben Rhodes 6-njy aprelde eden çykyşynda "Ylalaşyga "islenilen ýerde, islendik wagt" barlag geçirilmegi meselesi giriziler" diýipdi.

Awtor sözüni şeýle jemleýär: "Eýran şertnamasy babatda doly ylalaşyga gelinmelidir. Kongresi bilgeşli äsgermezçilik edilen ýaly bolup görünmezligi üçin şertnama owal BMG-ä hödürlenmeli däl. Wilson Wersal şertnamasynyň ret edilmegine "dünýäniň göwnüne degilmegi" hökmünde baha beripdi. Pariž parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşmaga hiç bir agzasy çagyrylmadyk Senat Wilsonyň göwnüne degipdi. Obama hem edil Wilsonyň mysalynda bolşy ýaly sapak almalydyr. Taryhy az bilýändigi üçin Obama ýaramaz taryh döredýär".

XS
SM
MD
LG