Sepleriň elýeterliligi

Owgan partlamasynda 6 adam öldi


Gündogar Owganystanda, ýörite güýçleriň bazasynyň golaýynda janyndan geçen bombaçy ýük ulagyny partladyp, azyndan 3 esgeri we 3 graždany öldürdi.

6-njy awgustda irden, Logar welaýatynyň paýtagty Pole-Alamda bolan partlamada onlarça adam ýaralandy we harby desgalara zyýan ýetdi.

Aýdylmagyna görä, bu hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG