Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri žurnalistiniň ölümini derňemäge çagyryş edildi


Žurnalist Rasim Aliýewiň jaýlanyş çäresi, Baku
Žurnalist Rasim Aliýewiň jaýlanyş çäresi, Baku

Ýewropa Bileleşigi we adam hukuklaryny goraýjy birnäçe gurama Azerbaýjanyň häkimiýetlerine çagyryş edip, žurnalist Rasim Aliýewiň ölümi barada doly we aýdyň derňew geçirmegi talap etdiler.

30 ýaşly Aliýew 9-njy awgustda Bakunyň keselhanasynda ýogaldy. Mundan bir gün öň ol agyr urlup-ýenjilipdi. Onuň öz sözlerine görä, hüjüm Kabala FK futbol klubunyň oýunçysy Jawid Huseýnowyň tarapdarlary tarapyndan edilipdir.

Aliýew hüjümçileriň özüniň Huseýnowy Facebookda tankyt etmegi üçin ar alandyklaryny aýtdy.

Polisiýa hüjüme gatnaşykda güman edilýän ençeme adamy, şol sanda Huseýnowyň dogan oglany Elşan Ismaýilowy tussag etdi.

Adam hukuklaryny goraýjy 12 gurama açyk-aýdyň derňew geçirmäge çagyryş bilen çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG