Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Himiki hüjüme YD-nyň gatnaşygyny derňeýär


ABŞ “Yslam döwleti” söweşiji toparyň Yrakda kürt goşunlaryna garşy muştard gazyny ulanan bolmagynyň ähtimaldygyny derňeýär. Bu, söweşiji toparyň gadagan edilen himiki ýaragyna eýe bolan bolmagyny çak etmäge esas berýän ilkini wakadyr.

“The Wall Street Journal” 13-nji iýulda ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisine salgylanyp, söweşiji toparyň soňky hüjümlerde ulanan serişdesiniň muştard gazy bolandygy barada “ynamly maglumatyň” bardygyny habar berdi.

“YD”-nyň zäherli gazy Siriýada ele salan bolmagynyň mümkindigi, bu ýurduň hökümetiniň uly möçberli himiki ýaraglarynyň bardygyny boýun alyp, 2013-nji ýylda ondan el çekmäge razy bolandygy neşriň maglumatynda bellendi.

Kürt resmileri Peşmerga goşunlarynyň 12-nji awgustda Mahmur şäheriniň golaýynda hüjüme sezewar edilendigini aýtdylar. Germaniýanyň Goranmak ministrligi 60 çemesi kürt söweşijisiniň hüjümde dem alyş ugrundan kynçylyk çekendigini we munuň himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň alamatydygyny belledi.

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşi maglumatlary derňeýändigi aýtdy, emma entek tassyklamady.

XS
SM
MD
LG