Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrantlary näme etmeli?


Aeroportda garaşýan çagaly ene.
Aeroportda garaşýan çagaly ene.

Türkiýede, ylaýta-da Stambulyň Atatürk we Sabiha Gökçen adyndaky aeroportlarynda öz ýurduna gidip-gelmekçi bolýan türkmenistanly migrantlara türk resmileri 3 aý soň dolanyp gelmegi maslahat berýärler.

Muňa garamazdan, Azatlyk radiosyna gelip gowşan maglumatlara görä, gysga wagtda yzyna dolananlaryň aglabasy diýen ýaly ýurda alynmaýar.

Eýsem, indi mundan beýläk şeýle ýagdaýda jerimesini töläp, daşary ýurda gidip, yzyna dolanyp, Türkiýede iş ýa-da ýaşaýyş rugsadyny almagy planlaşdyrýan türkmenistanly migrantlar nähili çykalga gözlemeli?

Azatlyk radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky tapgyrynda bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Stambulyň aeroportlarynda ýüze çykan bu meselä kanuny taýdan garamak bilen bir hatarda, munyň dokumentsiz gezip ýören türkmenistanly zähmet migrantlaryna ýetirýän täsirleri barasynda söz açýar.

Türkiýe: Türkmen migrantlary näme etmeli?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG