Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet eston ofiserine 15 ýyl berdi


 Eston Kohwer
Eston Kohwer

Rus sudy estoniýaly howpsuzlyk ofiserini içalyçylykda aýyplap, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Tallin we Brýussel onuň bir ýyl ozal Estoniýadan alnyp gaçylandygyny we serhetden aşyrylyp, Orsýete eltilendigini aýdýarlar. Bu ýagdaý Estoniýada we Ýewropa Bileleşiginde ýiti reaksiýa döretdi.

Orsýetiň demirgazyk-günbatar regionynda, Estoniýa bilen serhetleşýän Pskow sebitinde geçirilen sud 19-njy awgustda Eston Kohweri içalyçylykda, gaçakçylykda, ýarag götermekde, döwlet serhedinden bikanun geçmekde aýyplap, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Şeýle-de oňa 100,000 rubl ($1,523) jerime salyndy.

Sud Kohweriň türme tussaglygyny Orsýetiň berk düzgünli türmesinde geçirmegi barada hem karar çykardy.

Ýewropa Bileleşigi bu höküme bada-bat protest bildirdi we Moskwany Kohweri azat etmäge hem-de onuň Estoniýa sag-aman dolanmagyny kepillendirmäge çagyrdy.

Halkara ýazgaryşlary

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini 19-njy awgustda Kohweriň «alnyp gaçylmagy we soňra Orsýetde bikanun tussag edilmegi halkara kanunçylygyny görnetin bozmak bolup durýar» diýdi.

Şeýle-de ol Kohweriň adalatly sud edilmek hukuklaryndan mahrum edilendigini, sebäbi ýapyk gapylaryň arkasynda sud edilendigini, Estoniýanyň konsulynyň suda gatnaşmagyna rugsat berilmändigini, Kohweriň ýeterlik «kanun kömegi bilen üpjün edilmändigini» aýtdy.

Taavi Roivas, Estoniýanyň premýer-ministi
Taavi Roivas, Estoniýanyň premýer-ministi

Estoniýanyň premýer-ministri Taavi Roivas hem bu hökümi ýazgardy we twitter hasabynda «Kohweriň bikanun tussag edilmegi halkara kanunçylygynyň gödek bozulmagy bolup durýar» diýip ýazdy.

Moskwa Kohweriň, Estoniýanyň içeri howpsuzlyk gullugynyň ofiseriniň 5-nji sentýabrda Orsýetiň territoriýasynda, ýany nagt pully, ýaragly we ýazgy edilýän enjamly, gizlin operasiýany ýerine ýetirýän mahalynda tutulandygyny aýdýar.

Emma Tallin rus agentleriniň Kohweri eston territoriýasynda, gowy planlaşdyrylan operasiýa astynda, ýarag çenäp tutandyklaryny, olaryň aýak yzlarynyň öz pidalaryny güpbasdy edip, serhetden süýräp geçirendiklerini görkezýändigini aýdýar.

Garşylykly deliller

Bu waka bolanyndan birnäçe sagat soň, rus we eston serhetçileri tarapyndan, hadysanyň bolan ýerini görüp ýazylan we gol çekilen iki dildäki protokol bu aýdylýanlary tassyklaýan ýaly görünýär. Onda aýak yzlarynyň bir topar şahsyň Orsýetden Estoniýa girendigini, soňra ol ýerden yzlaryna dolanandygyny görkezýändigi aýdylýar.

Kohwer, aýdylmagyna görä, 5-nji sentýabrda, Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy bilen Orsýetiň jenaýat guramalarynyň arasyndaky baglanyşyklaryň, Orsýetiň serhedinden Estoniýanyň içine gaçakçylyk edilmeginiň derňewiniň çäginde, bir rus maglumatçysy bilen duşuşmaly eken.

Estoniýanyň içeri howpsuzlyk gullygy bolan Kaitsepolitsei (KaPo) kontrrazwedka borçlary bilen bir hatarda terrorçylyga garşy durmak, döwlet syrlaryny goramak, ýaraglaryň we radioaktiw materiallaryň gaçakçylygyna garşy göreşmek wezipelerini hem ýerine ýetirýär.

ÝB Kohweriň derrew boşadylmagyna gaýta-gaýta çagyryş etdi, sebäbi Kohweriň rus howpsuzlyk gulluklary tarapyndan eston topragyndan alnyp gaçylmagyndan alada galýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar Kohweriň rus resmileri tarapyndan Estoniýa sag-aman we derrew gaýtarylyp berilmegine çagyrdy.

5-nji sentýabr wakasy ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Orsýet bilen Ukraina üstünde dartgynlyklar ýokarlanan ýagdaýynda howpsuzlyk kepilligini bermek üçin Estoniýa, NATO ýaranyna sapar edeninden iki gün soň boldy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG