Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak : Şaýy ruhanysy reformalara çagyrdy


Aýatolla Ali al-Sistani
Aýatolla Ali al-Sistani

Yragyň baş şaýy ruhanysy aýatolla Ali al-Sistani hakyky reformalar geçirilmese ýurduň ençeme problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolup, hatda bölünmeginiň-de ähtimaldygyny aýtdy.

Yrakda uly abraýa eýe bolan Sistani soňky hepdelerde premýer-ministr Haidar al-Abadiniň yglan eden korrupsiýa garşy reformalaryna degişli ençeme gezek çykyş etdi.

Sistani aýratynam howpsuzlyk güýçleriniň çägindäki korrupsiýanyň we ýokary derejeli resmileriň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmagynyň “Yslam döwleti” söweşiji toparyň geçen ýylda ýurduň uly böleklerini basyp almagyna ýol açandygyny, 20-nji awgustda AFP agentligine aýtdy.

Sistani Yragyň syýasatçylaryny günäledi we olaryň köpüsiniň “Yragyň halkynyň bähbitlerine ýeterlik üns bermändiklerini, muňa derek öz şahsy, syýasy, dini we etnik bähbitlerine ünsüni gönükdirendigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG