Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý krizisi global ykdysadyýeti çaýkaýar


Hytaý krizisi global ykdysadyýeti çaýkaýar.
Hytaý krizisi global ykdysadyýeti çaýkaýar.

24-nji awgustda Hytaýda aksiýalaryň 9 prosente golaý aşaklamagy tutuş dünýäde paýlaryň hem sarp edilýän harytlaryň bahalarynyň güýçli peselmegine getirdi. 24-nji awgust Wall Streetiň geçen dört ýyllykda başdan geçiren iň kyn güni boldy.

Aksiýalaryň nyrhy Ýewropa we Aziýa bazarlarynda 6 prosent ýitgi bilen New Ýorkda söwdanyň deslapky dört minudynyň içinde Dow Jonesyň senagat indeksiniň 1.089 dereje peselmegine sebäp boldy.

Aksiýalaryň beýle ýitgilere uçramagy 2009-njy ýylda bolan maliýe krizisinden bärde görlen zat däl.

Ýene bolsa amerikan aksiýalary beýleki esasy bazarlara garanda global çökgünlige köpräk çydamagy başardylar. Muňa bolsa belli bir derejede sebäp bolan Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kookyň beýannama çykaryp, bu kompýuter ägirdiniň esasy bazar bolan hytaý bazaryna mundan beýläk-de bil baglaýandygyny aýtmagy boldy.

Birleşen Ştatlar

Standard & Poor'syň 500 indeksi ýitginiň ýarpysynyň öwezini doldy. Ýöne ol ýene-de maýdakysyndan 11 prosent aşak. Birleşen Ştatlaryň esasy indeksleri öten hepdäniň soňunda 5 prosent pese gaçdy.

Birleşen Ştatlarda aksiýa indeksleriniň az-kem ýokarlanmagy umyt beriji alamat bolsa-da, ykdysadyýeti dünýäde ikinji orunda durýan Hytaýdan, şeýle hem sarp edilýän harytlary öndürýän ýurtlaryň ösüş motory hasaplanýan Orsýet, Gazagystan, Eýran, Yrak we Braziliýa ýaly ýurtlardan gowuşýan habarlar inwestorlary aladalandyrdy.

Aksiýa bazarynyň pese gaçmagy "Hytaýda öndürilen önüm" diýip, JP Morgan Fundsyň baş global strategi Dawid Kelli aýtdy. Bu peseliş Hytaýyň iki hepde mundan ozal öz pulunyň hümmetini aşaklatmagyndan başlandy. Öten hepdäniň aýagynda Hytaýda önümçiligiň 2009-njy ýylda bolan global krizisden bärde iň pes derejä düşünligi baradaky hasabat hem ony güýçlendirdi.

Hytaýda ýagdaý düzelmese...

"Hytaýda ýagdaý düzelmese, 25-nji awgustda bazarlar açylanda biz ýene-de ýakymsyz tejribe edineris" diýip, Çharls Şwabyň direktory Randi Frederik aýtdy.

Aziýa bazarlary açylanda ýene aşaklap ugrady. Şanhaýyň aksiýa indeksi ýene 6.41 prosent ýitirdi. Tokioda hem ýitgi 4.13 prosente deň boldy.

Söwdagärleriň aglabasy Pekin goltgy berip, ýagdaýa çäre görer diýip umyt edipdiler. Ýöne Hytaýdaky derbi-dagynlyk aziýa aksiýalarynyň üç ýyllykda özüniň iň pes derejesine düşüp, 5.9 prosent peselmegine getirdi. Tokioda Nikkei indeksi 4.6 prosent pese gaçdy.

Ondan soňra peseliş Ýewropa bazarlaryna syrygyp, ol ýene-de 5.4 prosent aşaklady. Mysal üçin, Frankfurtda DAKS 4.70 prosent ýitgä uçrady.

Hytaýda ykdysadyýetiň aşaklamagy Ýewropanyň ýaňy krizisden çykyp gelýän ykdysadyýetini alada goýýar. Sebäbi Hytaý Germaniýanyň maşynlaryny, Fransiýanyň şeraplaryny we Ýewropanyň beýleki düşewüntli harytlaryny importirleýän ýurt.

Hytaý maşyn hem çig nebit üçin iň uly bazar. Şol sebäpden bu ýurtdaky peseliş nebitiň bahasyny, şeýle-de Orsýet, Eýran weYrak ýaly nebit öndürýän ýurtlary basyş astyna salýar.

XS
SM
MD
LG