Sepleriň elýeterliligi

Özbek muzeýiniň direktory işden kowuldy


Özbegistanda meşhur rus muzeýiniň direktory birden işden boşadyldy.

Özbegistanyň awtonom Garagalpak regionynyň hökümeti 24-nji awgustda Sawitskiý muzeýiniň direktory Marinika Babanazarowany, anyk sebäbini görkezmezden, işden kowdy.

Babanazarowa bu muzeýe 1984-eji ýylda bäri ýolbaşçylyk edýärdi. Ol BBС bilen söhbetdeşlikde bu kararyň direktoryň original kartinalary ogurlap, olaryň ýerine ýasama suratlary goýandygy baradaky aýyplamalar bilen ilteşiklidigini aýtdy.

Babanazarowa bu aýyplamalary ret etdi.

Garagalpagystanyň Döwlet sungat muzeýiniň işgärleri bu karara garşy protest bildirdiler we özleriniň direktoryň dürslügine şübhe bildirmeýändiklerini aýtdylar.

Garagalpagystanyň paýtagty Nukusda ýerleşýän sungat muzeýinde 90 müň çemesi sungat işi saklanylýar.

XS
SM
MD
LG