Sepleriň elýeterliligi

Özbek raýaty Şwesiýa ekstradisiýa edildi


2012-nji ýylda özbek hökümetini tankytlaýan ymamy öldürmäge synanmakda güman edilen özbek raýaty Şwesiýa ekstradisiýa edildi.

Şwed prokurory Krister Petersson ol adamyň ýanwarda, halkara gözlegi esasynda, Moskwada tutulandygyny aýtdy.

Petersson şwed kanunyna eýerip, güman edilýäniň adyny aýtmady, ýöne onuň 25-nji awgustda Şwesiýa getirendigini habar berdi.

Öldüriljek bolnan ymam Obidhon Kary Nazarow 1998-nji ýylda ýurdundan gaçyp, 2006-njy ýylda şwed raýatlygyny aldy.

2012-nji ýylda ol Şwesiýada kellesinden tüpeňlendi, emma aman galdy.

XS
SM
MD
LG