Sepleriň elýeterliligi

“Orsýetiň uruş pidalary” ünsi çekdi


Ors dilli websaýtyň Ukrainadaky konfliktde 2000-den gowrak orsýet esgerleriniň öldürilendigini öňe sürüp çap eden makalasy goh-galmagal döretdi.

“Delowaýa Žizn”, ýagny “Işewür durmuş” atly neşir mart aýynda Internetde çap eden maglumatynda Orsýetiň federal býujetiniň öz harby gullugyny berjaý edýän wagtynda öldürilen gullukçylaryň garyndaşlaryna olaryň ýitgisiniň öwezini doluşy barada maglumat çap etdi.

Bu maglumat Ukrainanyň websaýtlarynda we “Forbes” žurnalynyň websaýtynda, şu hepdede üns berilýänçä, şol durşuna galypdy.

ABŞ-nyň Orsýetdäki we Ukrainadaky ilçileri Maýkl MakFaul we Stewen Pifer Twitterde maglumata salgy çap etdiler.

Orsýetiň esgerleriniň gündogar Ukrainada söweşmegine degişli faktlar Kreml üçin ýiti mesele. Orsýet öz ýaragly güýçleriniň Ukrainanyň hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konflikte gatnaşmagyny, barha köpelýän subutnamalara garamazdan, yzygiderli ret edip gelýär. Käbir halatlarda Kreml Ukrainada söweşýän orsýetlileriň meýletinçilerdigini aýdýar.

Maý aýynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň harby gullukçylarynyň parahatçylyk döwründe “ýörite operasiýalardan” wepat bolmagyny döwlet syry diýip kesgitlemek barada permana gol çekdi we bu barada habar berilmegini gadagan etdi.

Şu aýyň başynda Orsýetiň syýasy oppozisiýasy tarapyndan ýaýradylan barlaglarda Ukrainada azyndan 220 orsýet esgeriniň ölendigi habar berildi.

BMG 2014-nji ýylyň aprel aýynda başlanan konflikt zerarly ölenleriň sanynyň 6400 adamdan gowrakdygyny, olaryň arasynda parahat ýaşaýjylaryň we söweşýänleriň bardygyny aýdýar we ölenleriň sanynyň mundan has köp bolmagynyň hem ähtimaldygyny belleýär.

26-njy awgustda “Delowaýa Žizn” neşirinde martda çap bolan makalanyň uly bölegi henizem bardy, emma onuň Orsýetiň harbylarynyň arasyndaky ýitgilere degişli bölegi aýryldy.

Şol bir wagtda-da maglumatyň ýok edilen böleginde 1-nji fewralda 2000-den gowrak ors maşgalalarynyň öz Ukrainada wepat bolan garyndaşlary üçin kompensasiýa alandygy habar berildi. Şeýle-de söweşlerde ýaralanan 3200 esgeriň hem kompensasiýa alandygy aýdyldy.

AÝ/AR sanlary garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmedi. “Delowaýa Žizn” neşirine edilen ýüzlenmä jogap beren we özüni Anatoliý Krawçenko diýip tanadan adam websaýtyň adam ýitgileri baradaky sanlary ölen harby gullukçylaryň maşgalalaryndan, şeýle-de Orsýetiň Goranmak ministrliginiň “içindäki informasiýadan” alandygyny aýtdy, emma takyk çeşme görkezmekden ýüz öwürdi.

Şeýle-de ol makalanyň ýitgiler baradaky böleginiň Orsýetiň mediany düzgünleşdirýän “Roskomnadzor” agentliginden gelen duýduryşdan soň aýrylandygyny aýtdy we saýtyň Orsýetiň kanunlarynyň çäginde işleýändigini belläp, makalanyň aýrylmadyk ýa-da oňa gaýtadan garalmadyk ýagdaýynda howply netijeleriň döremeginiň ähtimaldygyny habar berdi.

“Roskomnadzoryň” edarasyna edilen ýüzlenmelere derhal jogap bolmady.

Orsýetiň Krymy basyp almagynyň yz ýany ýüzi nikaply, kamuflýaž – harby meýdan formasyndaky esgerler Gara deňizdäki ýarymadada peýda bolupdylar. Ol esgerlerde tapawutlandyryş nyşanlary ýokdy, Kreml bolsa olaryň Orsýetiň harby gullukçylarydygyny yzygiderli ret edipdi.

Muňa garamazdan, yz ýany Putin şol esgerleriň Orsýetiň harbylary bolandygyny aýtdy we olary hormatlamak üçin ýörite gün bellendi.

Orsýetiň aýdýanlaryny şübhe astyna goýmak üçin, Ukraina ele salnan we özlerini Orsýetiň harby gullukçylary diýip tanadan esgerleriň suratlaryny we wideolaryny çap etdi.

Şu aýyň başynda Ukrainanyň esasy howpsuzlyk agentliginiň ýaýradan wideosynda Ukrainanyň güýçleri tarapyndan Donetsk şäheriniň golaýynda ele salnan adam Orsýetiň goşunynda 19 ýyl gulluk edendigini aýdýar we özüni boşatmagy sorap, Putine ýüzlenýär.

XS
SM
MD
LG