Sepleriň elýeterliligi

Alymlar pygamber baradaky filmi halamady


Tanymal sünni musulman alymlary Tährany Muhammet pygamberiň durmuşy barada gürrüň berýän täze kinony gadagan etmäge çagyrýar.

Bu kino 27-nji awgustda çykaryldy we Eýranda, şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan ýurdunda köp girdeji getirer öýdülýär.

Müsüriň Al-Ažar uniwersitetiniň alymlary özleriniň film direktorynyň 171 minutlyk kinoda Muhammediň çagalyk keşbini görkezmekden gaça durmak üçin gören seresaplylyk çärelerinden kanagatlanmaýandyklaryny aýtdylar.

«Muhammet, allanyň resuly» diýen filmiň direktory Majid Majidi pygamberiň çagalygyny oýnaýan aktýoryň ýüzüni görkezmän, ony diňe ýeňsesinden görkezýär ýa-da diňe onuň kölegesini görkezmek bilen çäklenýär.

XS
SM
MD
LG