Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gani korrupsiýa garşy göreşmäge çagyrdy


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani. 1-nji sentýabr, 2015 ý. Kabul.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani. 1-nji sentýabr, 2015 ý. Kabul.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani korrupsiýa garşy “mukaddes urşa” başlamaga çagyrdy. Şeýle-de, ol korrupsiýa döwletiň halas bolmagyna howp abandyrýar diýdi.

1-nji sentýabrda Kabulda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça geçirilen konferensiýada çykyş eden Gani dini ruhanylaryň adamlary bu göreşe gatnaşmaga çagyrmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de, Gani hökümetiň korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirendigini, emma ony köküne çenli ýok etmek üçin wagt gerekdigini belledi.

Bir ýyla golaý wagt bäri Owganystana prezidentlik edýän Gani korrupsiýanyň soňuna ýetmekde bilimiň esasy rol oýnaýandygyny hem nygtady.

“Transparency International” guramasynyň sanawynda Owganystan dünýäniň iň köp korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda ýerleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG