Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň hökümeti işden çekildi


Müsüriň prezidenti premýer-ministr Ibrahim Mehlebiň we onuň kabinetiniň, korrupsiýa aýyplamalary arasynda, işden çekilmek baradaky arzasyny kabul etdi.

Prezident Abdel Fattah al-Sisiniň edarasy işden çekilmek baradaky arzanyň 12-nji sentýabrda kabul edilendigini habar berdi.

Sisi hökümetiň täze hökümet düzülýänçä işlemegi dowam etdirmegini buýurdy.

Mehleb 9-njy sentýabrda Tunisde bir metbugat ýygnagynda işden çekilmek we oba hojalyk ministri Salah Helalyň hepde başynda korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edilmegi barada soralanda, gaharly çykyp gidipdi.

XS
SM
MD
LG