Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Täjigistana ýardamy wada berýär


Belarusyň prezidenti A.Lukaşenka, Täjigistanyň prezidenti E.Rahmon, (ç) we Orsýetiň prezidenti W.Putin (s), Duşenbe, 15-nji sentýabr, 2015
Belarusyň prezidenti A.Lukaşenka, Täjigistanyň prezidenti E.Rahmon, (ç) we Orsýetiň prezidenti W.Putin (s), Duşenbe, 15-nji sentýabr, 2015

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň Täjigistana durnuklylygy üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy. Öňki sowet respublikasynda ýakynda ýüze çykan we 20 adamyň ölümine getiren zorlugyň yzýany ýurtda närazylygyň tutaşmagy bilen bagly howatyrlanmalary güýçlendirdi.

Putin Täjigistanyň Orsýetiň “ýardamyna we goldawyna” daýanyp biljekdigini belledi.

Putin bu barada 15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Kollektiw Howpsuzlygy Ylalaşygy guramasynyň sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Putiniň bu sözleri Täjigistanyň goranmak ministriniň öňki orunbasaryna ýakyn ýaragly adamlaryň 4-nji sentýabrda hökümet güýçleri bilen çaknyşmagyna degişli waka bilen baglylykda edildi.

Täjik resmileri Abduhalim Nazarzodany we onuň tarapdarlaryny polisiýa bölümine hüjüm etmekde aýyplaýarlar. Hüjümde 26 adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG