Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen lideri Nýu-Ýorka sapar eder


Türkmenistanyň delegasiýasy, prezident G.Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, 24-27-nji sentýabrda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin, Nýu-Ýorka iş saparyny eder.

Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasynyň çäginde 2015-nji ýyldan soňky döwrüň durnukly ösüş wezipelerine bagyşlanan sammit bolar we oňa türkmen lideri hem gatnaşar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty ýazýar.

Şeýle-de, türkmen lideriniň BMG-niň baş sekretary we döwlet liderleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň bolmagyna garaşylýar diýip, türkmen metbugaty 18-nji sentýabrda habar berdi.

XS
SM
MD
LG