Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus gubernatory korrupsiýada aýyplanýar


Orsýetiň Komi regionynyň gubernatory galplykda we jenaýatçy topara ýolbaşçylyk etmekde aýyplanyp, tussag edildi.

Polisiýa 19-njy sentýabrda Wýaçeslaw Geýzeri we ýene 18 adamy tussag etdi.

Derňew komitetiniň sözçüsi Wladimir Markin bu «jenaýatçy toparyň döwlet emlägini bikanun ýagdaýda ele geçirmekçi» bolandygyny aýtdy. Şeýle-de ol bu adamlaryň jenaýatçylykly hereketleriniň 2006-njy ýyldan uç alýandygyny habar berdi.

Tussag edilenleriň arasynda regional parlamentiň spikeri, gubernatoryň orunbasary, birnäçe ýerli biznesmen hem bar.

Polisiýa resmisi TASS habar gullugyna goşmaça öý dökmeleriň we sorag etmeleriň 21-nji sentýabra çenli dowam etjegini aýtdy.

Geýzeriň ofisi dökülende, aýdylmagyna görä, uly möçberde nagt pul, daşary ýurtlarda döredilen kompaniýalaryň dokumentleri, gymmatbaha sagatlaryň kolleksiýasy tapylypdyr.

Geýzer Kominiň gubernatorlygyna 2010-njy ýylda, şol wagtky prezident Dmitriý Medwedew tarapyndan bellenipdi.

XS
SM
MD
LG