Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada köpçülikleýin miting geçirildi


Orsýetli oppozision lider Alekseý Nawalnyý.
Orsýetli oppozision lider Alekseý Nawalnyý.

Orsýetde oppozisiýanyň müňlerçe aktiwistleri we tarapdarlary Moskwada köpçülikleýin miting geçirdiler. Bu bäsleşikde aldawa ýüz uruldy diýip tankytlanan regional saýlawlarda häkimiýet başyndaky partiýanyň oppozisiýadan bolan dalaşgärlere agyr zarba urmagyndan az wagt soň geçirilen ýygnanyşykdyr.

Häkimiýeti çalşyrmak boýunça üýşmeleň diýip atlandyrylan protest ençeme aýdan bärde prezident Wladimir Putiniň hökümetine açyk garşy çykmak bolup durýar. Ýöne oňa gatnaşanlar protesti gurnaýjylaryň garaşanyndan az bolup çykdy. Näresmi çaklamalar boýunça mitinge gatnaşan adamlaryň sany iki müň bilen dört müňüň aralygynda.

Paýtagtyň günorta böleginde merkezden ep-esli uzakda ors baýdagynyň, şeýle hem "Parnas" oppozision toparynyň baýdagynyň astynda geçen miting ýurduň gabawda saklanýan oppozisiýasynyň gowşakdygyny görkezdi.

"Bu - ogrularyň hökümeti"

Köp adamlaryň göterýän şygarlarynda fewral aýynda Kremliň golaýynda atylyp öldürilen oppozision syýasatçy Boris Nemtsowa salgylanma bardy. Beýleki transparantlarda bolsa "Putin - patyşa, bir býurokrat" we "ýalanlar, ogurlyklar besdir" diýen ýazgylar bardy.

Aktiwist Ilýa Ýaşin.
Aktiwist Ilýa Ýaşin.

Aktiwist Ilýa Ýaşin märekä ýüzlenip şeýle diýdi: "Biz bar bolan korrupsiýa we ogurlyklar barada halka habar ýetirmegi dowam etdireris. Sebäbi bu biziň watanymyz. Bu biziň raýatlyk borjumyz".

Ýaşin mitingde eden çykyşynda "Bu - ogrularyň hökümeti" diýdi.

Tanymal antikorrupsiýa blogçusy we oppozisioner Alekseý Nawalnyý hem häkimiýet başyndaky "Bütewi Orsýet" partiýasynyň öten hepdeki saýlawda alan sesleriniň prosent derejesini ýaňsa aldy.

"Korrupsiýa - Orsýeti nirä alyp barýar"

"Biz Türkmenistanda ýa Zimbabwede bular ýaly prosent bolýandygy barada okanymyzda, bu ýumor kategoriýasyna girýär. Biz muňa gülüşýäris. Şonuň ýaly biziň çagalarymyz-da bu günki hökümetiň bähbidine [saýlawyň netijeleri diýip jar edilen] prosente gülerler."

63 ýaşly söwdagär Waleriý Saturowdan näme üçin bu üýşmeleňe gatnaşýarsyň diýip soralanda, ol elindäki "Korrupsiýa - Orsýeti nirä alyp barýar" diýen şygary görkezip şeýle diýdi: "Bu ýerde ýazylan 'korrupsiýa' sozüni görýärsiňiz. Korrupsiýa diňe Orsýeti däl, eýse her bir ýurdy dargadyp bilýän zat. Adamlar hem [şu pikirde]. Siz näçe adamyň gelenini görýärsiňiz. Biz hökümet sesimizi eşitsin diýip geldik. Besdir! Orsýetde beýle ýaşamak mümkin däl! Bu ýerde bütinleý kanunsyzlyk bar, polisiýa eden-etdiligi, häkimiýetleriň eden-etdiligi".

Gubernatorlarlyk orunlara, regional we munisipal parlamentlere 13-nji sentýabrda geçen saýlawlarda Kreml tarapyndan goldalýan "Bütewi Orsýet" partiýasy aýyl-saýyl ýeňiş gazandy. Oppozision toparlar hem regionlaryň ählisinde diýen ýaly ses saýlawlardan çetde saklandy.

Oppozisiýanyň tarapdarlary ýöriş geçirdiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00

Saýlawlara gözegçilik edýän garaşsyz topar "Golos" saýlawdan soň çykaran hasabatynda ses berilşikde syýasy bäsdeşligiň bolmandygyny, netijelere hökümetiň kontrollyk edendigini belledi.

"Kampaniýalaryň köpüsiniň netijeleri dalaşgärler hasaba alnanda we kampaniýa gidende resmiler, saýlaw komissiýalary tarapyndan öňünden kesgitlenildi".

"Bütewi Orsýet" partiýasy korrupsiýa sebäpli geçmişde zyýana uçrasa-da, käbir garaşsyz pikir soralyşyklaryň görkezmegine görä, ilatyň 80 prosenti Putini goldaýar.

Milli parlament saýlawlary geljek ýyla planlaşdyryldy, geljekki prezidentlik saýlawy hem 2018-nji ýylda geçer.

Putiniň kanun boýunça ýene bir alty ýyl prezidentlige hukugy bolsa-da, özüniň dalaşgär bolup saýlawa gatnaşjakdygyny entek aýdanok. Ýöne ekspertleriň aglabasy ol gatnaşar diýip çaklaýar.

XS
SM
MD
LG