Sepleriň elýeterliligi

Saud resmileri haj zyýaraty mahalynda mukaddes Mina şäherçesinde bolan basa-basda azyndan 717 adamyň ölendigini, 805 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdýarlar.

Resmiler twitterde Mekgäniň birnäçe kilometrliginde bolan basa-baslyk ýerinde halas ediş çäreleriniň görülýändigini aýtdylar.

Basa-baslyk haj zyýaratynyň soňky uly adatynyň ýerine ýetirilýän mahaly boldy. Bu ýerde ýüzlerçe müň adam şeýtan daşlamak dessuryna gatnaşýardy. Bu betbagtçylyk Gurban baýramynyň bellenýän gününe gabat geldi.

Bu Saud Arabystanynda şu aýda bolan ikinji uly betbagtçylykdyr.

11-nji sentýabrda 111 dindar Mekgedäki uly metjitde ýykylan gurluşyk kranynyň pidasy bolupdy.

XS
SM
MD
LG