Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Idrissow 'YD' garşy bileleşmäge çagyrdy


Gazagystanyň daşary işler ministri Erlan Idrissow
Gazagystanyň daşary işler ministri Erlan Idrissow

Gazagystanyň daşary işler ministri Erlan Idrissow “Yslam döwleti” toparynyň döredýän howpuna garşy göreşde dünýä liderlerini bütewülige çagyrdy.

Idrissow 26-njy sentýabrda Associated Press agentligi bilen söhbetdeş bolup, Gazagystanyň soňky döwüre çenli “fundamentalizmden we ekstremizmden imunitetiniň” bolandygyny, emma ösüşiň we abadançylygyň ýurduň ilatynyň käbir böleklerinde “akylsyz” pikirleriň döremegini aňsatlaşdyrandygyny belledi.
Idrissow häzirki wagtda 200 çemesi gazagystanlynyň Siriýada söweşýär, diýlip hasap edilendigini aýtdy.

Idrissow ABŞ-ny, Hytaýy, Orsýeti we Ýewropany syýasy gapma-garşylyklardan üstün çykyp, “YD” toparynyň ýaýbaňlanmagynyň bilelikde öňüni almaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG