Sepleriň elýeterliligi

“Gadagan edilen kitaplar” hepdeligi


Kitaplar.

Kitaplar.

Şu hepde, ýagny 27-nji sentýabrdan 3-nji oktýabra çenli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “Gadagan edilen kitaplaryň” hepdeligi geçirilýär.

Amerikanyň Kitaphanalar assosiasiýasynyň inisiatiwasy bilen 33 ýyldan bäri her ýylyň sentýabr aýynyň soňky hepdesinde geçirilýän bu çäre, maglumatlary erkin we açyk almaga mümkinçilik döredýär.

Bu hepdeligiň dowamynda Birleşen Ştatlardaky kitaphanaçylar, kitap satyjylary, kitap öýleri dürli çäreleri, şol sanda pikir-garaýyşlary aç-açan beýan etmek azatlygy barada maslahatlar geçirýärler.

Bu çärelerde döwlet senzurasyndan başlap şuňa meňzeş soraglar orta atylýar: Müdiriň ýa-da eneň-ataň iş ýa-da öý kitaphanaňda gadagan edilen kitaby görüp, ony tekjeden aýyrmagyňy soranda, siz näme etmeli? Nädip kitap gadagançylygynyň hötdesinden gelip bolar?

Bu hepdeligiň çäginde kitaphanalarda dünýäniň dürli ýurtlarynda häzirki wagtda gadagan edilen kitaplar görkezilýär we olar okyjylara hödürlenýär.

XS
SM
MD
LG