Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa zarbasyny dowam edýär


Orsýetiň söweş uçarlary soňky 24 sagatda Siriýadaky nyşanalara 20-den gowrak howa zarbasyny urdular.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň sözçüsi 3-nji oktýabrda «Yslam döwleti» toparynyň ýerleşýän dokuz nokadynyň nyşana alnandygyny aýtdy.

Igor Konaşenkow bu operasiýa Su-34 we Su-24M uçarlarynyň gatnaşandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol rus howa güýçleriniň bombaçysynyň "KAB-500" bombasy bilen «Yslam döwleti» toparynyň bir lagerini, ýarag ammaryny we terrorçy berkitmesini weýran edendigini aýtdy.

Orsýet şu hepdäniň başynda Siriýada howa zarbalaryna başlamak kararyna gelendigini yglan etdi.

Waşington Moskwa terrora garşy göreşmegiň ýerine Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady saklamak bilen has kän gyzyklanýan bolmasyn diýip alada edýär.

XS
SM
MD
LG