Sepleriň elýeterliligi

Gunduz: Hassahana 'zarbasy' derňelýär


Gunduz. Weýran edilen hassahana.

Gunduz. Weýran edilen hassahana.

Prezident Barak Obama Pentagon owgan hassahanasynda azyndan 19 adamy öldüren howa zarbalary babatda «doly derňewe» başlady diýdi.

3-nji oktýabrda Owganystanyň demirgazyk şäheri Gunduzda, «Serhetsiz lukmanlar» toparynyň dolandyrýan hassahanasyna urlan howa zarbalarynda, ölenlerden başga, 40-a golaý adam ýaralandy.

BMG Owganystanyň Gunduz şäherinde «Serhetsiz lukmanlar» toparynyň hassahasyna howadan zarba urlup, 19 adamyň, şol sanda hassahananyň 12 işgäriniň, dört uly adamyň, üç çaganyň öldürilmegini ýazgardy.

BMG-niň hukuk başlygy Zeid Ra'ad Al Hussein "eger sud seljerişliginde bilkastdan edilendigi kesgitlense, hassahana howadan zarba urulmagy uruş jenaýatçylygyna barabar bolup biler» diýdi.

"Bu hadysa örän agyr, aklap bolmajak betbagtçylyk, belki-de jenaýatçylykly hadysa» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

«Serhetsiz lukmanlar» topary özüniň Gunduzdaky hassahanasynyň, gije urlan howa zarbalary netijesinde, bölekleýin weýran edilendigi aýtdy.

Bu hüjümden azynda 37 adam agyr ýaralandy.

"Biz bu hüjüme, işgärlerimiziň we näsaglarymyzyň öldürilmegine, Gunduzdaky saglygy saklaýyşa urlan agyr zarba ör-gökden geldik» diýip, «Serhetsiz lukmanlar» topary 3-nji oktýabrda aýtdy.

«Serhetsiz lukmanlar» toparynyň aýtmagyna görä, hassahana «Talyban» bilen Owganystanyň hökümet güýçlerini goldaýan NATO-nyň arasynda Gunduz şäheriniň üstünde barýan söweş mahalynda dowamly «howa zarbalaryna» sezewar bolupdyr.

Sahawatlylyk topary özüniň koalisiýa we owgan harbylaryny, şeýle-de graždan resmilerini baryp 29-njy sentýabrda GPS kordinasiýasy bilen üpjün edendigini aýtdy.

“Häzirki ähli görkezijiler bombalaýşyň halkara Koalisiýa güýçleri tarapyndan amala aşyrylandygyny aňladýar” diýip, «Serhetsiz lukmanlar» toparynyň internetde ýerleşdiren beýanatynda aýdylýar.

NATO özüniň jogapkär bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

"ABŞ güýçleri Gunduz şäherinde (ýerli wagt bilen) sagat 2.15-de, ...harbylara wehim salýan şahslaryň garşysyna howa zarbasyny urdy. Bu zarbanyň golaýdaky medisina desgasyna gytaklaýyn zyýan ýetiren bolmagy mümkin. Bu hadysa derňelýär» diýip, NATO aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 3-nji oktýabrda bu hüjüm bilen bagly «çuňňur gynanjyny» bildirdi.

"Men amerikan halkynyň adyndan Gunduzda, «Serhetsiz lukmanlar» toparynyň hassahanasynda bolan betbagtçylykly hadysada öldürilen we ýaralanan saglyk professionallaryna we beýleki graždan adamlara özümiň çuňňur gynanjymy bildirýärin» diýip, Ak tamyň prezidentiň adyndan çap eden beýanatynda aýdylýar.

"Goranmak ministrligi bu iş boýunça doly derňewe başlady we, bu betbagtçylygyň nähili ýagdaýda bolandygy anyklança, biz kesgitli bir zat aýtman garaşarys» diýip, Obama aýtdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Sedik Sedikki zarba urlan mahaly bu hassahanada 10-15 «terrorçynyň» gizlenendigini aýtdy.

«Serhetsiz lukmanlar» topary bombalaýyş mahalynda hassahanada 105 näsagyň we olara seredýän adamlaryň, şeýle-de 80-den gowrak halkara we owgan işgärleriniň bolandygyny aýtdy.

«Serhetsiz lukmanlar» «talyban» 28-nji sentýabrda Gunduza hüjüm edeli bäri 394 hassany bejerendigini
aýtdy.

Hökümet güýçleri 1-nji oktýabrda 300 müň ilatly strategiki şäher bolan Gunduzyň köp bölegini ele geçirdiler, emma owgan goşunlarynyň şäherde saklanyp galan «talyban» söweşijilerini yzlamagy bilen seýregräk söweşler dowam edýär.

«Talybanyň» sözçüsi Zabihullah Mujahid beýanat çap edip, bombalaýyş mahalynda ol hassahanada hiç bir «Talyban» nökeriniň bolmandygyny aýtdy.

Ol Owganystanyň aňtaw gullugyny bilkastdan ýalňyş maglumat berip, howa zarbasyny hassahanany urar ýaly ýalňyş ugra gönükdirmekde günäledi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG