Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medisina boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi


2015-nji ýylyň Medisina boýunça Nobel baýragy parazitar keselçilikler boýunça işleri amala aşyran William Kampbelle, Satoşi Omura we Tu Youyou beriler.

5-nji oktýabrda Nobel Assambleýasynyň Stokgolmyň Karolinka institutynda aýtmagyna görä, “şu ýylky Nobel laureatlary has agyr parazitar keselçilikleri bejermek ugrunda rewolýusion usullary işläp tapypdyr”.

Irlandiýaly alym Kampbell we ýaponiýaly Omura adamyň bedeninde ornaşýan askarida gurçuklarynyň döredýän kesellerini, hytaýly alym Tu bolsa malýariýany bejermek boýunça eden işleri üçin sylaglandylar.

Alymlar 960 müň amerikan dollary möçberindäki baýragy paýlaşarlar.
2015-nji ýylyň ylym, edebiýat we parahatçylyk boýunça Nobel baýraklarynyň eýeleri şu hepdede yglan edilerler.

Ilkinji gezek Nobel baýragy Şwesiýaly himik we senagatçy Alfred Nobeliň islegi boýunça 1901-nji ýylda gowşurylypdy.

XS
SM
MD
LG