Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan komandiri: Hassahana hüjüm etmegi owganlar sorady


“Serhetsiz lukmanlar” (MSF) toparynyň Gunduzdaky keselhanasy. 3-nji oktýabr, 2015 ý.
“Serhetsiz lukmanlar” (MSF) toparynyň Gunduzdaky keselhanasy. 3-nji oktýabr, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň we Owganystandaky koalisiýa güýçleriniň ýokary derejeli komandiri Gunduz şäherindäki keselhana edilen ýowuz howa hüjüminiň Owganystanyň harby güýçleriniň haýyşy esasynda amala aşyrylandygyny aýdýar.

“Serhetsiz lukmanlar” (MSF) topary 3-nji oktýabrda edilen hüjümi amala aşyrmakda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky NATO güýçlerini aýyplady. Gürrüňi edilýän howa zarbasynda azyndan 22 adam, şol sanda “Serhetsiz lukmanlar” toparynyň işgärleri heläk boldular.

5-nji oktýabrda Pentagonda çykyş eden general John F.Kampbel (John F. Campbell): “Owgan güýçleri özlerine duşmanyň pozisiýalaryndan ot açylýandygyny aýtdylar we Birleşen Ştatlaryň güýçlerinden howa goldawyny soradylar” diýdi.

“Gapma-garşy maglumatlar”

“Şonda “Talybanyň” salýan howpuny ýok etmek üçin howa zarbasy çagyryldy we parahat ilatdan birnäçe adam tötänleýin öldürildi” diýip, general Kampbell belledi.

Birleşen Ştatlaryň ilkibaşda ýaýradan beýanatynda gürrüňi edilýän howa hüjüminiň Birleşen Ştatlaryň güýçlerine garşy abanýan howpa jogap hökmünde amala aşyrylandygy mälim edildi.

Kampbel bu waka boýunça alnyp barylýan derňew işiniň aýdyň bolmagy üçin harbylaryň tagalla etjekdigini aýtdy.

“Serhetsiz lukmanlar” topary Waşingtony “gapma-garşy” maglumat bermekde aýyplap, “Olaryň hüjüm baradaky düşündirişleri üýtgäp dur. Ilkibada olar hüjümi ikinji derejeli zyýan, soňra tragik waka diýip atlandyrdylar, häzirki wagtda bolsa hüjümiň jogapkärçiligini Owganystanyň hökümetiniň üstüne atmaga synanyşýarlar. Hakykatda bolsa şol bombalary Birleşen Ştatlar oklady” diýdi.

Keselhana ýapyldy

“Serhetsiz lukmanlar” topary keselhana edilen hüjümden soň Gunduzdaky işlerini bes etdiler.

Şeýle-de, medisina ugrundan haýyr-sahawat işlerini alyp barýan bu topar bu wakany uruş jenaýaty diýip häsiýetlendirip, munuň garaşsyz derňewler esasynda derňelmegine çagyrdy.

“Anyk prezumpsiýa laýyklykda uruş jenaýaty amala aşyryldy. “Serhetsiz lukmanlar” topary garaşsyz halkara organlaryň gatnaşmagynda wakanyň doly we aç-açan derňelmegini talap edýär” diýip, MSF-niň baş direktory Kristofer Stoks (Christopher Stokes) belledi.

Stoks 3-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň we Owganystanyň hökümetiniň keselhana hüjüm edilendigi barada duýdurylandygyna garamazdan, bomba hüjümleriniň bir sagatdan gowrak dowam edendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Serhetsiz lukmanlar” topary owgan we koalisiýa güýçleriniň keselhananyň takyk ýerleşýän ýerinden doly habarlydygyny aýdyp, olaryň dört ýyl bäri halka saglyk hyzmatyny hödürleýän desganyň ýerleşýän ýeriniň GPS kordinasiýalary bilen hem üpjün edilendigini nygtady.

Şol bir wagtda bu topar keselhana edilen howa zarbalarynda heläk bolan 22 adamdan başga-da 40 adamyň agyr ýaralanandygyny habar berýär. Bu wakada “Serhetsiz lukmanlar” toparynyň 12 işgäri we başga-da 10 näsag heläk boldy.

“Uruş jenaýaty”

MSF topary bomba hüjümleriniň amala aşyrylan döwri keselhanada 105 çemesi näsagyň, şeýle-de “Serhetsiz lukmanlar” toparynyň 80-den gowrak halkara we ýerli işgärleriniň bolandygyny aýtdy.

Bu topar keselhanada haýsydyr bir söweşijileriň bolandygy baradaky maglumatlary ret edýär.

Owgan häkimiýetleri gozgalaňçylaryň keselhananyň binasyny owgan güýçlerini we parahat ilatdan ýaşaýjylary nyşana almak üçin ulanandygyny öňe sürýär.

“Bu beýanatlar Owganystanyň we Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň, 180 işgäri we näsagy bolan we doly hereket edýän desgany ýer bilen ýegsan etmek barada bilelikde karara gelendigini görkezýär. Sebäbi olar keselhanada “Talybanyň” agzalarynyň bardygyny öňe sürýärler” diýip, Stoks sözüni şeýle dowam etdirýär: “Bu hadysa uruş jenaýaty hökmünde kabul edilip boljak möçberdedir”.

“Serhetsiz lukmanlar” toparynyň Gunduzdaky keselhanasy demirgazyk-gündogar Owganystanda ýerleşýän we agyr ýaralylara medisina bejergisini berip biljek ýeke-täk edarasydyr.

Onuň ýapylmagy, hatda wagtlaýyn ýapylmagy-da, ýerli ilatyň saglyk ýagdaýyna örän ýaramaz täsir ýetirip biler.

Gürrüňi edilýän haýyr-sahawat toparynyň metbugat wekili Keýt Stegman (Kate Stegeman) “AFP” habar gullugyna beren maglumatynda: “MSF toparynyň keselhanasy indi işlemeýär. Saglyk bejergisine ýiti mätäç näsaglar beýleki saglyk merkezlerine geçirildi we häzirki wagtda keselhanamyzda “Serhetsiz lukmanlar” toparynyň hiç bir işgäri işlemeýär” diýdi.

XS
SM
MD
LG