Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko, Nazarbaýew duşuşyk geçirýärler


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Astanada ikitaraplaýyn gepleşikleri maslahat etdiler.

Iki lider 9-njy oktýabrda geçirilen gepleşiklerinde Ukrainanyň gündogaryndaky ýagdaýy hem maslahat etdiler. Gündogar Ukrainada dowam edýän konflikt zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýynda heläk bolanlary sany 7900 adamdan geçdi.

Poroşenko Ukrainanyň Luhansk we Donetsk regionlarynda ok atyşygyň bes edilmeginiň ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça fewral aýyndan Minskde gelnen ylalaşygyň doly ýerine ýetirilmegi üçin “seresaply optimizme” esas döredýändigini aýtdy.

Nazarbaýew öz ýurdunyň Minsk prosesini goldaýandygyny aýdyp, krizisiň parahatçylykly çözgüdine “alternatiwanyň ýokdugyny” nygtady.

Nazarbaýew Gazagystanyň “Gyzyk Haç” guramasynyň üstünden Ukrainanyň gündogaryna azyk ibermegini we konfliktden ejir çeken regionlara maliýe kömegini bermegini dowam etdirjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG