Sepleriň elýeterliligi

Daşkent-Aşgabat: Serhet goragy maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç) we Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow (s)

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç) we Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow (s)

Türkmenistan we Özbegistan Owganystan bilen serhetlerini goramak boýunça öz degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirerler, diýlip ýurtlaryň prezidentleriniň bilelikdäki beýannamasynda aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow we Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow 8-nji oktýabrda Daşkentde gepleşik geçirdiler.

Owganystandaky ýagdaý “goňşy ýurtlarda alada döretmän bilmez” diýlip, media maglumatlarda Özbegistanyň prezidentine salgylanylyp habar berildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň 7-8-nji oktýabrda Özbegistana eden resmi saparynyň netijesinde transport, gümrük, ylmy-tehniki, saglygy saklaýyş we syýahatçylyk ugurlardan ylalaşyklar baglaşyldy.

XS
SM
MD
LG