Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: DIM Gazagystandan nägile


Orsýet Federasiýasynyň we Gazagystanyň prezidentleri W.Putin (ç) we N.Nazarbaýew (s), Astana, 15-nji oktýabr, 2015
Orsýet Federasiýasynyň we Gazagystanyň prezidentleri W.Putin (ç) we N.Nazarbaýew (s), Astana, 15-nji oktýabr, 2015

Türkmenistan Gazagystanyň prezidentiniň Türkmenistanyň serhediniň howpsuzlygyna degişli sözlerine protest bildirdi.

“2015-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Astana şäherinde Orsýet Federasiýasynyň we Gazagystanyň prezidentleriniň bilelikdäki brifinginiň dowamynda Gazagystan tarapy Merkezi Aziýadaky howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýy agzap, Türkmenistanyň serhedinde, hamala bolan, hadysalar barada aýtdy”, diýlip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 15-nji oktýabrda metbugat üçin ýaýradan beýannamasynda bellenýär.

Beýannamada “türkmen tarapy Gazagystan tarapynyň Türkmenistanyň döwlet serhedinde hakykata gabat gelmeýän ýagdaý barada eden şeýle çykyşy bilen baglylykda iňňän uly aladalanma we düşünmezlik bildirýär” diýip aýdylýar.

Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda ýurduň bu mesele boýunça öz resmi pozisiýasyny ençeme gezek mälim edendigi habar berildi, emma resmi pozisiýa barada takyk maglumat berilmedi.

“Türkmen tarapy protest bildirýär we Türkmenistanyň daşyndaky ýagdaýa baha bermekde Gazagystan tarapynyň mundan beýläk has obýektiw maglumata esaslanjagyna umyt bildirýär, diýip beýannamada aýdylýar.

Orsýetiň we Gazagystanyň prezidentleriniň duşuşygy Astanada GDA döwletleriniň sammitiniň öňüsyrasynda geçirildi. 16-njy oktýabrda Gazagystanda geçirilýän sammite Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary Satlyk Satlykow gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG