Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: German raýaty azat edildi


Owgan güýçleri GIZ atly gumanitar guramanyň daşyny goraýarlar.

Owgan güýçleri GIZ atly gumanitar guramanyň daşyny goraýarlar.

Owganystanda awgust aýynda alnyp gaçylan Germaniýanyň raýaty azat edildi. Şahsyýeti aýan edilmedik bu aýal maşgalanyň ýagdaýynyň “gowudygy” habar berilýär.

Gürrüňi gidýän aýal GIZ atly gumanitar guramanyň işgäri bolup, ol awgustyň 17-ne Kabulyň merkezinde alnyp gaçylypdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri bu baradaky habary eşidip “ynjalandygyny” mälim edip, alnyp gaçylan işgäriň azat edilendigi üçin owgan hökümetine we howpsuzlyk güýçlerine minnetdarlygyny bildirdi.

GIZ atly guramanyň ýene bir işgäri aprel aýynda Gunduzda alnyp gaçylyp, ol 40 günden soň azat edilipdi.

XS
SM
MD
LG