Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamy tankytlan syýasatçy kazyýetde


Marine Le Pen
Marine Le Pen

Zenan Le Pen, köçede edilýän ybadatlary faşizm basybalyjylygyna deňäpdir.

Musulmanlaryň köçede namaz okamagyny paşist basybalyjylygyna deňändigi üçin kazyýete çagyrylan Fransiýanyň "Halk fronty" atly sagçy radikal partiýasynyň ýolbaşçysy Marine Le Pen, hökümetiň muny bahana edip özüni yzarlaýandygyny aýdýar.

Kazyýetde onuň işine 20-nji oktýabrda Londonda garalypdyr.

Çaklamalar, bu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek sebitara saýlawlarda Marine Le Peniň partiýasynyň sesleriň aglaba köpçüligini aljakdygyny ýaňzydýar. Zenan syýasatçy, 2011-nji ýylda partiýany guran kakasy Jean Mareden ýolbaşçylygy öz üstüne alandan soň öz tarapdarlarynyň sanyny köpeltmäge synanyşýar.

Fransiýadaky musulmanlar
Fransiýadaky musulmanlar

Jeam-Mari birnäçe gezek radikal ýigrenji öjükdirýändigi sebäpli aýplama duçar bolupdyr we hat-da gyzy hem bu sebäpden biraz ondan üzňe bolmagy saýlap alypdyr.

"Her ýerde metjit gura-gura..."

Ýöne migrantlaryň aşa köpelmeginden we radikal yslamdan biynjalyk bolan Le Pen 2010-njy ýylda eden çykyşlarynyň birinde musulmanlary tankyt edip, her ýerde metjit gura-gura metjitleri köpeldendiklerine garamazdan köçelerde hem ybadat edýändiklerini aýdypdyr.

"Biz sebitara saýlawlaryň bosagasynda durus. Ol wakanyň üstünden bolsa indi 5 ýyl geçipdir. Başga wagta garaşsak bolmazdymy?" diýip, syýasatçy žurnalistlere ýüzlenipdir.

Pariždäki "Uly metjit"
Pariždäki "Uly metjit"

Ol, 2010-njy ýyldaky çykyşynda 2-nji jahan urşy mahalynda Fransiýany faşistleriň basyp alan mahalyny ýatladyp şeýle diýipdir:

"Eger biz basybalyjylyk barada söz açmaly bolsak, onda biz şu köçelerde ybadat edýänler barada aýtmaly bolýarys. Çünki, bu ýagdaý hem ýeri basyp almakdyr".

"Mähelle-mähelle basyp almak"

Marine Le Pen, bu ýagdaýyň mähelleleri ýuwaş-ýuwaş basyp almakdygyny aýdypdyr:

"Bu ýerde ne tank bar, ne-de esger. Emma, edilýän iş basybaljylykdyr we tarapdarlary bilen ýaýrawyny artdyrýandyr".

Ol "dinleriň arasynda agzalalygy döretmek" günäsi bilen aýyplanypdyr. Marine Le Pen kazyýetde öz işine seredilýän güni hem şeýle diýipdir: "Köçede edilýän ybadatlar bikanundyr we Fransiýada munuň bilen baglanşykly ýörüte kanun çykarylmalydyr". Ýöne ol bu gezek faşist basybalyjylygyny ýatlmandyr.

XS
SM
MD
LG