Sepleriň elýeterliligi

Orsýet esgeriň ölümini tassyklady


Siriýada ölendigi aýdylýan Wadim Kostenko

Siriýada ölendigi aýdylýan Wadim Kostenko

Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýadaky bir harbysynyň ölendigini tassyklady.

Ministrligiň metbugat-gullugynyň 27-nji oktýabrda ýaýradan beýannamasynda “Hmeimim howa bazasynda tehnik hökmünde işlän bir harby gullukçysynyň öz janyna kast edendigi” habar berildi. Ministrligiň maglumatynda merhumyň galdyran hatynyň “deslaply barlaglarynyň” netijesinde onuň öz janyna kast etmegine halaşýan gyzy bilen gatnaşyklarynyň sebäp bolmagynyň anyklanandygy aýdyldy.

Munuň öňüsyrasynda peýda bolan media maglumatlarynda Orsýetiň harbysy 19 ýaşly Wadim Kostenkonyň ölendigi barada maşgalasyna habar berilendigi habar berilipdi.

Kostenkonyň ölümi Moskwanyň Siriýada 30-njy sentýabrda harby howa hüjümlerine başlaly bäri orsýet harbysynyň ölümi bilen bagly ilkinji ýagdaýdyr.

XS
SM
MD
LG