Sepleriň elýeterliligi

K.Gott keselhana ýerleşdirildi


Meşhur çek aýdymçysy Karel Gott.

Meşhur çek aýdymçysy Karel Gott.

Meşhur çek aýdymçysy Karel Gott ýürek urşundaky näsazlyklar sebäpli keselehana ýerleşdirildi.

76 ýaşyndaky Gott "Facebook" sosial ulgamyndaky sahypasynda özüniň köpçülikde etjek çykyşlarynyň ählisini goýbolsun edýändigini çap etdi.

Çehiýanyň “Prima” atly telewideniýesi Gottyň gijäniň ýarynda ýüreginden operasiýa edilendigini habar berdi.

Birinji aýdym-saz albomyny 1962-nji ýylda çykaran Gott Merkezi Ýewropanyň iň meşhur aýdymçylarynyň biri hasaplanýar.

Ol Çehoslowakiýada we Çehiýa respublikasynda 39 gezek “Iň gowy erkek aýdymçy” adyna mynasyp boldy.

XS
SM
MD
LG