Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap bloggeri Saharow baýragyna eýe boldy


Saudyly blogger Raif Badawi.
Saudyly blogger Raif Badawi.

Saud Arabystanynda Internetde çap eden maglumatlary üçin tussag edilen blogger Ýewropa Parlamentiniň 2015-nji ýyl boýunça pikir azatlygy ugrundaky Saharow baýragyna eýe boldy.

31 ýaşly Raif Badawi 2012-nji ýylda Saud Arabystanynyň dini polisiýasyny tankyt edendigi üçin tussag edilipdi.

29-njy oktýabrda Saharow baýragy yglan edilenden soň, Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Martin Şulz Saud Arabystanynyň şasy Salmany Badawiniň derhal tussaglykdan boşatmaga çagyrdy.

Ol Internetde yslama dil ýetirmekde aýyplanyp, 2014-nji ýylda 10 ýyl türme tussaglygyna we 1 müň gezek gamçylanmagyna höküm edildi. Şeýle-de ol 1 million rial, ýagny 267 müň amerikan dollary möçberinde pul jerimesini tölemeli edildi.

Höküm güýjünde galdy

Sud 1 müň gamçynyň 20 hepdäniň dowamynda urulmalydygyny kesgitledi. Badawi şu ýylyň ýanwar aýynyň 9-na köpçüligiň öňünde ilkinji sapar 50 gezek gamçylandy.

Halkara tankytlaryndan soň, soňky jeza birnäçe gezek yza tesdirildi we resmi taýdan tussagyň saglyk ýagdaýy bilen düşündirildi.

Emma muňa garamazdan, 2015-nji ýylyň iýun aýynda Saud Arabystanynyň Ýokary sudy Badawiniň 1 müň gezek gamçylanmagyny we 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini öz güýjünde galdyrdy.

Badawiniň aýaly Ensaf Haýdar adamysynyň bu gamçylardan aman galyp bilmejekdigini we bu jezanyň hakykatda ölüm jezasyna barabardygyny aýdýar.

“Ýewropa sessiz galy bilmez”

Badawide gipertoniýa, ýagny ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy keseli bar diýlip bilinýär we gamçylanany bäri onuň saglyk ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygy habar berilýär.

29-njy oktýabrda Badawiniň aýaly adamsynyň abraýly Saharow baýragyna eýe bolandygy baradaky habaryň “umydyň artmagyna” sebäp bolandygyny aýtdy.

Ýewropa Parlamentiniň agzasy Tamas Meszeriks Ýewropa “Saud Arabystanynda şahslar öz pikir-garaýyşlaryny beýan eden mahaly, olaryň ölüm jezasy ýa-da gynamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna mundan beýläk sessiz galyp bilmez” diýdi.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Human Rights Watch guramasy Saud Arabystanynyň häkimiýetlerine Badawa ýöňkelen aýyplamalary ýatyrmaga çagyrdy.

Badawiniň aýaly we onuň üç çagasy - iki gyzy we bir ogly 2013-nji ýylda Kanadadan syýasy gaçybatalga aldy.

Badawiniň Saud Arabystanyndaky bank hasaplary 2009-njy ýyldan bäri doňdurylan ýagdaýda.

Sowet dissidenti Andreý Saharowyň adyny göterýän 50 müň ýewro möçberli baýrak bilen 1988-nji ýyldan bäri adam hukuklaryny we azatlyklaryny goraýjylar sylaglanýar.

XS
SM
MD
LG