Sepleriň elýeterliligi

Orsýet-Norwegiýa: Migran akymy gowşady


Tigirli migrantlar myhmanhananyň öňünde jemlendiler, Orsýetiň Norwegiýa bilen serhediniň golaýyndaky Nikel şäheri, 29-njy oktýabr, 2015

Tigirli migrantlar myhmanhananyň öňünde jemlendiler, Orsýetiň Norwegiýa bilen serhediniň golaýyndaky Nikel şäheri, 29-njy oktýabr, 2015

Orsýetiň arktika regionynyň üstünden Ýewropa aşmaga synanyşýan migrantlaryň akymy biraz gowşady. Resmileriň 29-njy oktýabrda aýtmagyna görä, bu belli bir derejede serhetden geçmek üçin zerur bolan tigirleriň ýetmezçiligi bilen bagly.

Norwegiýada paş pena gözleýän adamlar serhetden tigirli geçmeli bolýarlar, sebäbi pyýadalaryň geçmegi gadagan, dokumentleri kadaly bolmadyk ýolagçylary geçirýän ulag sürüjilerine, bolsa, jerime salynýar.

Ençemesi Siriýadaky uruşdan gaçyp çykan migrantlaryň bu ýoldan peýdalanmak boýunça tagallalary Ýewropa barýan günorta ýollarda migrantlaryň öňüne böwet salynmagy sebäpli hasam güýçlendi.

Orsýetiň resmileri ýerli dükanlarda tigirleriň satylyp gutarandygyny, 500 çemesi migrantyň serhetde Nikel şäherinde garaşmaga mejbur bolýandygyny aýtdylar.
Şol bir wagtda-da, serhediň Norwegiýa degişli tarapynda köp sanly tigiriň üýşendigi, Norwegiýanyň olaryň öz territoriýasynda ulanylmagyny howpsuz hasap etmeýändigi sebäpli, ýok etmeli boljakdygy habar berilýär.

Arktika ýoly Ýewropa barmak üçin Ortaýer deňiz regionynyň üstünden geçýän ýoldan has aýlawly bolsa-da, ol has howpsuz hasaplanýar. Şu ýyl bu ýoldan 1200 adam peýdalanypdyr.

XS
SM
MD
LG