Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwiliniň “ýazgysy” derňelýär


Mihaýil Saakaşwili

Mihaýil Saakaşwili

Gürjüstanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy “hökümeti agdarmak dildüwşügi” diýilýän derňewleriň çäginde ozalky prezident Mihaýil Saakaşwiliniň syzyp çykandygy aýdylýan audio ýazgylaryny seljerýändigini mälim etdi.

Derňewiň berýän maglumatyna görä, Saakaşwiliniň “Rustawi 2” telewizion kanalynyň ýolbaşçysy Nika Gwaramiýa we oppozisiýadaky Birleşen Milli Hereket partiýasynyň liderleriniň biri Giga Bokeria bilen geçirendigi aýdylýan telefon gepleşigi seljerilýär.

29-njy oktýabrda syzyp çykandygy aýdylýan audio ýazgylarda Mihaýil Saakaşwiliniň “Rustawi 2” tele-kanalyny barrikadalary dikip goramalydygy we “rewolýusiýa ssenariýasy boýunça hereket etmelidigi” diýilýän sözleri getirilýär.

Saakaşwili häzirki pursat Ukrainanyň Odessa regionynyň häkimidir. Gürjüstanda “Gürji Arzuwy” koalisiýasy häkimiýete geçeli bäri, Saakaşwiliniň ozalky ýaranlary, şol sanda ozalky premýer-ministri hem – wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly aýyplamalar bilen – tussag edilipdiler.

XS
SM
MD
LG