Sepleriň elýeterliligi

Buharest: Gijeki klubda 27 adam öldi


Partlama

Partlama

Rumyniýanyň Buharest şäherindäki gijeki klubynda ýüze çykan partlamada azyndan 27 adam öldi, 180 töweregi hem ýaralandy.

Içeri işler ministriň orunbasary wakada heläk bolanlaryň sanynyň artmagynyň mümkindigini aýtdy. Maglumata görä, “Kolektiw” atly klubda geçirilen konsert çäresine 400 töweregi adam gatnaşypdyr.

Käbir şaýatlaryň beren maglumatyna görä, klubyň içinde feýwerkler atylandan soňra diwarlar we üçek ot alypdyr.

Premýer-ministriň orunbasary bu waka boýunça eýýäm derňewiň başladylandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG