Sepleriň elýeterliligi

Jon Kerri Astana bardy


ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri (ç) we Gazagystanyň prezidenti N.Nazarbaýew, Astana, 2-nji noýabr, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri (ç) we Gazagystanyň prezidenti N.Nazarbaýew, Astana, 2-nji noýabr, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Merkezi Aziýa saparyny dowam etdirip, 2-nji noýabrda Astanada Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen gepleşik geçirdi.

Gazagystanyň prezidentiniň edarasy gepleşikleriň ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilip, beýleki meseleleriň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň hem gozgaljakdygyny habar berdi.

Kerri ABŞ-nyň iň ýokary derejeli diplomaty wezipesinde iki ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa birinji gezek sapar edýär.

31-nji oktýabrda başlanan saparynyň dowamynda Kerri Gyrgyzystana we Özbegistana bardy.

1-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherine eden saparynyň dowamynda Jon Kerry Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň netijesinde alty ýurduň bilelikdäki beýannamasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we terrorçylyk ýaly serhetdäki howplara garşy bile göreşmek niýetini mälim etdiler.

Kerri Gazagystandan soň Türkmenistana we Täjigistana sapar eder.

XS
SM
MD
LG