Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Milli bütewülik gününi belleýär


Milli bütewülik güni geçirilen ýöriş, Moskwa, 4-nji noýabr, 2015

Milli bütewülik güni geçirilen ýöriş, Moskwa, 4-nji noýabr, 2015

Orsýetde 4-nji noýabrda bellenýän Milli bütewülik güni sebäpli Moskwanyň merkezinde Kremliň guramaçylygynda geçirilýän ýörişe onlarça müň adam gatnaşdy.

Guramaçylar bu çäräni Orsýetiň uçarynyň Müsürde uçran heläkçiliginde wepat bolan adamlaryň hatyrasyna bir minutlap dymmak bilen başladylar.

Pidalaryň hatyrasyna matam tutýan Sankt Peterburg şäherinde baýramçylyk çäreleri ýatyryldy.

“Metrojet” kompaniýasynyň “A321-200” kysymly uçary 31-nji oktýabrda Müsüriň Şarm el-Şeýh şäherinden Sankt Peterburga barýarka Sinaý ýarymadasynda ýere gaçdy. 224 adam wepat boldy. Heläk bolanlaryň köpüsi orsýetlilerdi.

Milli bütewülik güni Orsýetiň 1612-nji ýylda polýaklaryň goşunyny ýeňmegi bilen bagly taryhy pursady bellemek boýunça sene hökmünde prezident Wladimir Putin tarapyndan esaslandyryldy.

XS
SM
MD
LG