Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumynlar protesti dowam etdirýär


Rumyn protestçileri
Rumyn protestçileri

Buharestde müňlerçe adam tapgyr ikinji gije köçelere proteste çykdy, ýogsa gijeki klubda bolan betbagtçylyk sebäpli premýer-ministr Wiktor Pontanyň işden çekilenine birnäçe sagat geçipdi.

Demonstrasiýaçylar 4-nji noýabr agşamy parlament binasyna tarap ýöriş edip, irki saýlawlaryň geçirilmegini, syýasy reformalary güýçlendirmegi talap etdiler.

Beýleki iri şäherlerde hem ýygnanyşyklaryň bolandygy habar berildi.

Bir gün ozal Buharestiň köçelerine 20 müň çemesi adam proteste çykypdy, olar 30-njy oktýabrda bolan ýangynda 32 adamyň ölendigi üçin üçin gahar edýärdiler.

XS
SM
MD
LG