Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Başpena soraýan orsýetliler köpeldi


Orsýetiň ýöriteleşdirilen polisiýasy geýleriň hukuklaryny goraýjy Nikolaý Alekseýewi alyp barýar, Moskwa, 30-njy maý, 2015

Orsýetiň ýöriteleşdirilen polisiýasy geýleriň hukuklaryny goraýjy Nikolaý Alekseýewi alyp barýar, Moskwa, 30-njy maý, 2015

ABŞ-dan başpena sorap arza tabşyran orsýet raýatlarynyň sany 2015-nji ýylda 50% ýokarlandy. Bu ýagdaýyň Orsýetde barha güýçlenýän syýasy çäklendirmeler, korrupsiýanyň ýaýramagy we geýler babatyndaky kemsitmeler bilen bagly bolmagy ahmaldyr.

ABŞ-dan başpena sorap ýüz tutan orsýetlileriň sany soňky iki onýyllygyň dowamynda iň ýokary derejä ýetdi.

ABŞ-da 30-njy sentýabrda tamamlanan 2015-nji maliýe ýylynyň dowamynda Amerikadan başpena sorap, Orsýetiň graždanlaryndan 1454 sany arza gelip gowuşdy.. Bu şondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende arzalaryň sanynyň 50%, 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa iki esse köpelendigini aňladýar. Şol ýyl prezident Wladimir Putin dört ýyllap hökümet baştutany wezipesini eýeläp oturansoň, täzeden ýene prezident wezipesine dolanypdy.

Başpena soraýan orsýetlileriň sanyna degişli by maglumaty ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministrligi, informasiýa azatlygy baradaky kanuna laýyklykda, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna habar berdi.

ABŞ-dan başpena sorap tabşyrylýan bir arza birden köp adamyň adyndan berlip bilinýär we ýüz tutýan adamyň aýalyna we çagalaryna-da degişli bolup bilýär.

AÝ/AR-a berlen maglumatlarda orsýetlileriň ABŞ-dan başpena soramagynyň sebäpleri görkezilmeýär. ABŞ-da immigrasiýa boýunça ýardam berýän aklawçylar sanlaryň köpelmeginiň 2013-nji ýylda Orsýetde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda “adaty bolmadyk jynsy gatnaşyklaryň propagandasyny” gadagan edýän kanuna prezident tarapyndan gol çekilmeginiň yz ýany gomoseksuallaryň, biseksuallaryň we transgenderleriň köpçülikleýin ýurduň daşyna göçüp gitmegi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini hem aýdýarlar.

Günbatar hökümetleri bu kanuny diskriminasiýa häsiýetli, ýagny ýekiriji diýlip atlandyrdylar we ýazgardylar. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar bolsa bu kanunyň geýleriň garşysyna zorlukly hereketleri edýänlere jogapkärçilikden sypmaga mümkinçilik döredýändigini aýdýarlar.

Syýasat we korrupsiýa

Başpena soraýan orsýetliler bilen işleşýän ýuristleriň resmi bolmadyk maglumatlaryna görä, şu ýyl pena gözleýänleriň sanynyň çürt-kesik köpelmegine syýasy yzarlamalaryň, haýbatlaryň, şeýle-de korrumpirlenen resmileriň yzarlamalarynyň pidalary bolandyklaryny aýdýan orsýetlileriň sanynyň atmagynyň täsir ýetirýän bolmagy hem mümkin.

Nýu Ýorkda ýerleşýän immigrasiýa boýunça ýardam berýän aklawçy Alena Şautsowanyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň şu ýyl ýollan arzalarynyň köpüsi Putiniň syýasatyna we hereketlerine, şol sanda geçen ýyl Orsýetiň Krymy Ukrainadan basyp almagyna garşy çykan orsýetlileriň adyndan bolupdyr.

Şautsowa özüniň ýakynda işleşip başlan bir müşderisiniň şu ýylyň başynda Kremliň golaýynda öldürilen oppozision liderleriň biri Boris Nemtsowyň hatyrasyna geçirilen matam çäresine gatnaşandan soň polisiýa tarapyndan yzygiderli yzarlanyp başlandygyny aýdýandygyny habar berdi.

Köplenç başpena soraýan orsýetliler we azerbaýjanlylar bilen işleşýän Ismail Şahtahtinskiý geçen ýylyň dowamynda işleşen orsýetlileriniň sanynyň öňkülerden köpelendigi we olaryň häkimiýetleriň özlerinden para bermegi, günäni boýun almagy we galp şaýatlyk etmegi talap edendigini aýdýandyklaryny belledi.

“Köplenç hökümet kimdir birine garşy iş gozgamaga synanyşanda, munuň üçin şaýatlary gözleýär. Olar galp aýyplamalary we şaýatlary köp ulanýarlar. Arzalaryň artmagynyň ýene bir sebäbini men şunuň bilen baglanyşdyrýaryn” diýip, Şahtahtinskiý aýdýar.

Ozalky tejribe

ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk departamentiniň maglumatyna görä, 1994-nji ýyldan bäri Orsýetiň graždanlary ABŞ-dan başpena sorap, 17 müňden gowrak arza tabşyrypdyrlar, olardan alty müňden gowragy makullanypdyr.

Orsýetliler tarapyndan şu ýyl ABŞ-dan başpena sorap ýazylan arzalaryň sany, 1994-nji ýyldan soňky ýyllar bilen deňeşdirilende, iň ýokary derejä baryp ýetdi. Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzysüre, ýagny 1994-nji ýylda, başpena soraýan orsýetlilerden ABŞ-nyň hökümetine 2 127 arza gelip gowşupdy.

XS
SM
MD
LG