Sepleriň elýeterliligi

Ukrain dikuçarynda 6 adam öldi


Gündogar Slowakiýada ýykylan ukrain dikuçarynda alty adam, şol sanda güman edilýän bikanun migrantlar heläk boldy.

Ukrainanyň serhet gullugy 13-nji noýabrda dikuçaryň bortunda iki sany ukrainalynyň, dört sany günorta-gündogar aziýalynyň, şol sanda iki aýalyň bolandygyny aýtdy.

Bu dikuçar Ukrainadan 35 km uzaklykda ýykylypdyr. Aýdylmagyna görä, «Mi-2» dikuçary bikanun migrantlary menziline ýetirmekde, adam gaçakçylygynda ulanylana meňzeýär.

Slowakiýanyň içeri işler ministri Robert Kalinak bu hadysa 11-nji noýabrda bolana meňzeýär, emma agyr duman sebäpli, heläkçiligiň bolan ýeri iki günläp kesgitlenip bilinmedi diýdi.

Kalinak dikuçaryň Slowakiýanyň howa-ýol gözegçilik sistemasyndan sap atyp, «howply manýowrlary» edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG