Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýada ‘onlarça YD söweşijisi öldi'


Orsýetiň harby güýçleriniň Siriýada amala aşyrýan howa zarbalary. 17-nji noýabr, 2015 ý.

Orsýetiň harby güýçleriniň Siriýada amala aşyrýan howa zarbalary. 17-nji noýabr, 2015 ý.

Synçy toparyň berýän maglumatynda soňky üç günüň dowamynda Siriýanyň demirgazygyndaky Rakka şäherinde “Yslam döwleti” atly toparyň azyndan 33 sany söweşijisiniň öldürilendigi habar berilýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparyň 18-nji noýabrda beren maglumatyna görä, 15-17-nji noýabr aralygynda geçirilen reýdlerde “Yslam döwleti” atly toparyň başga-da onlarça söweşijisi ýaralanypdyr.

Synçy toparyň maglumatynda “Yslam döwleti” atly toparyň ýokary derejeli agzalarynyň we olaryň maşgalalarynyň toparyň demirgazyk Yrakdaky galasy Mosul şäherine gidip başlandygy aýdylýar.

Fransiýa geçen hepde Parižde bolan hüjümlerden soň, Rakka şäherindäki howa zarbalarynyň gerimini güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG