Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Hytaý ylalaşyga gol goýdular


Orsýet we Hytaý Moskwanyň Pekine “Su-35” kysymly 24 sany uruş uçaryny satmak baradaky ylalaşyga gol goýdular.

“Biz şertnama gol goýduk” diýip, 19-njy noýabrda Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “Rostek” holdinginiň baş müdiri Sergeý Çemezowyň sözlerinden sitata getirilýär.

Çemezow bahasy 2 milliard amerikan dollaryna barabar bolan ylalaşygyň netijesinde Hytaý “Su-35” kysymly uruş uçaryny satyn alýan dünýäniň ilkinji daşary ýurdy bolýar diýdi. “Su-35” kysymly uruş uçary Orsýetiň iň döwrebap harby uçarlarynyň biridir.

2014-nji ýylda Orsýet daşary ýurtlara ýarag eksport etmek boýunça dünýäde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan soň ikinji orunda ýerleşdirilipdi.

Geçen aý Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki ýarag eksport edýän edarasy – “Rosoboroneksportyň” baş müdiri Anatoliý Isýakin soňky 15 ýylyň dowamynda edaranyň dünýäniň 116 ýurduna bahasy 115 milliard amerikan dollaryna barabar bolan ýaraglary eksport edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG