Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýada S-400 sistemasyny ýerleşdirer


Orsýetiň uçarlara garşy S-300 we S-400 sistemalary, Moskwa, 2014.
Orsýetiň uçarlara garşy S-300 we S-400 sistemalary, Moskwa, 2014.

Orsýetiň prezidentiniň sözçüsi Dmitriý Peskow 25-nji noýabrda ýurduň Goranmak ministrliginiň Siriýadaky rus harby bazasynda kämilleşdirilen S-400 howa hüjümine garşy sistemany ýerleşdirmegi maslahat berendigini aýtdy. Prezident Wladimir Putin bu işe ygtyýar berdi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu habar Türkiýe türk-siriýa serhedinde rus harby uçaryny urup ýykanyndan soň çykdy. Orsýetiň Goranmak ministrligi 24-nji noýabrda S-300 howa hüjümine garşy sistemanyň deňizden atylýan görnüşiniň Ortaýer deňzindäki siriýa kenarlaryna eltiljegini aýtdy.

“Biz özümize howp döretmegi mümkin nyşanlaryň ählisiniň ýok ediljegini duýdurýarys” diýip, Orsýetiň baş ştabynyň resmisi Sergeý Rudskoý tekrarlady.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Türkiýäni “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerini goramakda aýyplady. Ol “käbir türk resmileriniň” “Yslam döwleti” toparynyň kontrollyk edýän territoriýasynda öndürilýän nebit önümleriniň söwdasynda “göni maliýe bähbitleri bar” diýdi.

Medwedew bu sözleri 25-nji noýabrda Ýekaterinburgda, Türkiýäniň harby-howa güýçleri rus harby uçaryny türk-siriýa serhediniň boýunda urup ýykanyndan bir gün soň aýtdy. Bu hadysada bir rus piloty öldürildi. Ikinji pilotyň tapylyp, Siriýadaky rus harby bazasyna iberilendigi aýdylýar.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew rus uçarynyň urlup ýykylmagy “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileriniň goralmagyna barabar” diýdi. Ol iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirilendigini aýtdy we bilelikdäki proýektleriň goýbolsun edilip, türk firmalarynyň rus bazaryndaky orunlaryny ýitirip biljegini duýdurdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimri Putin öz çykyşlarynyň birinde ýene şeýle diýdi: “Düýnki bolan wakadan soň, ýagny 24-nji noýabrda türk güýçleri Orsýetiň söweş uçaryny urup ýykandan soň, biz başga-da [şuňa meňzeş] bir wakanyň bolmak ähtimallygyny inkär edip bilmeris. Eger şeýle waka bolaýsa, onda biz muňa gaýtawul bermeli bolarys. Şonda biziň Türkiýedäki graždanlarymyz mese-mälim töwekgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolarlar” diýdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem: “Biz Türkiýe bilen uruşjak bolmaýarys. Biziň türk halky bilen gatnaşyklarymyzy üýtgänok. Biziň Türkiýäniň häzirki hökümetiniň hereketleri bilen baglanyşykly meselelerimiz bar” diýdi.

Ankara rus uçarynyň türk howa serhedini gaýta-gaýta bozup, 10 gezek edilen duýduryşa jogap bermändigini aýdýar. Orsýet öz uçarynyň howa serhedini bozmandygyny aýdyp, Türkiýäniň Moskwadaky ilçisine berk protest bildirdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow öz 25-nji noýabrda Türkiýä etmeli resmi saparyny ýatyrdy.

XS
SM
MD
LG