Sepleriň elýeterliligi

Rus zarbalary onlarça adamy öldürdi


Orsýetiň demirgazyk Siriýadaky şähere uran howa zarbalarynda azyndan 18 adamyň öldürilendigi, onlarça adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, 29-njy noýabr güni irden Arihany nyşana alýan zarbalar uruldy. Ýerli utgaşdyryjy komitetler, aktiwist kollektiwi raketalaryň pitneçileriň elindäki şäheriň mähelleli bazaryna gelip düşendigini aýtdy.

Şäher wakalaryny beýan edýän «Ariha Today» Facebook sahypasy howa zarbalarynyň rus harby uçarlary tarapyndan urlandygyny aýtdy.

Emma pidalaryň sany babatda gapma-garşylykly habarlar bar.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy öldürilenleriň azyndan 18 adamdygyny aýdýar.

«Ariha Today» öldürilenleriň 40, ýaraly bolanlaryň 70-den gowrak adamdygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG