Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW-niň resmisi Bişkege goýberilmedi


Mihra Rittmann, Gyrgyzystan
Mihra Rittmann, Gyrgyzystan

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Human Rights Watch (HRW) guramasynyň Bişkekdäki edarasynyň ýolbaşçysy Mihra Rittmanny ýurda goýbermediler. Rittmann Türkiýäniň Stambul şäherinden Bişkege barýardy.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Rittmannyň “migrasion kanunlary” bozandygyny we şu sebäpden 2-nji dekabrda ýurda goýberilmändigini 4-nji dekabrda AÝ/AR-na aýtdy. Goşmaça detal berilmedi.

“Human Rights Watch guramasynyň wekiliniň Gyrgyzystan tarapyndan gadagan edilmegi öň görlüp-eşidilmedik, garaşylmadyk we örän aladalandyryjy alamat” diýip HRW guramasynyň ýerine ýetiriji müdiri Kenneth Roth aýtdy.

Human Rights Watch guramasy Bişkekde ýerleşýän halkara işgärleriniň, şol sanda Rittmannyň işine kynçylyklaryň döredilýändigini mundan öň birnäçe gezek aýdypdy.

Rittmannyň Gyrgyzystana goýberilmezligi bilen bagly waka bu ýurduň BMG-niň Adam Hukuklary boýunça Geňeşinde 2016-njy ýylyň ýanwarynda orna eýe bolmagynyň öňýanynda ýüze çykdy.

XS
SM
MD
LG