Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan, Barzani duşuşyk geçirdiler


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s) we Kürdüstan regionynyň prezidenti Masud Barzani (s), Ankara, 9-njy dekabr, 2015
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s) we Kürdüstan regionynyň prezidenti Masud Barzani (s), Ankara, 9-njy dekabr, 2015

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan demirgazyk Yrakda türk goşunlarynyň ýerleşmeginiň daşyndaky dawany çözmek ugrundaky diplomatik tagallalaryň çäginde 9-njy dekabrda Ankarada Yragyň Kürdüstan regionynyň lideri bilen duşuşdy.

Erdogan we Kürdüstan regionynyň prezidenti Masud Barzaniniň terrorizme garşy göreşde hyzmatdaşlygyň zerurlygyny maslahat edendigi habar berildi. Türkiýe şeýle hyzmatdaşlyk maksatly demirgazyk Yrakda öz harbylaryny ýerleşdirendigini we kürtleriň Peşmerga güýçlerini “Yslam döwleti” toparyna garşy söweş üçin türgenleşdirýändigini aýdýar.

Prezidentleriň ikiçäk gepleşikleriniň mazmuny mälim edilmeli, emma Erdogan “Al-Jazeera” telekanaly bilen söhbetdeşliginde Yrakda türk goşunlarynyň ýurduň lideriniň 2014-nji ýylda eden haýyşy boýunça ýerleşdirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG